Forbes žurnalynyň maglumatlaryna görä, Tesla we SpaceX kompaniýalaryny
dolandyrýan amerikaly biznesmen Ilon Mask ilkinji gezek planetamyzdaky iň baý
adamlaryň onlugyna girendigi mälim boldy.
Maskyň häzirki baýlygy 70,8 milliard dollar bilen bahalanýar. Forbes
wekilleriniň bellemegine görä, onuň baýlygynyň köpelmegi esasan Tesla
aksiýalarynyň bahalarynyň birdenkä ýokarlanmagy bilen bagly hasaplanýar.
NASDAQ elektron biržasy web-saýtyna görä, mart aýynyň ortalarynda
kompaniýanyň bir sany bahasy 400 dollardan geçmändir. Çarşenbe güni geçirilen
söwdalaryň ahyrynda bolsa kompaniýanyň bir sany aksiýasynyň bahasy 1541
dollardan hem ýokary bolupdyr.
Häzirki wagtda Forbesiň pikirlerine esaslansak, Mask planetamyzyň iň baý
adamlarynyň sanawynda sekizinji orny eýeleýär. Dokuzynjy orny 68,5 milliard
dollar baýlygy bilen hindistanly Reliance Indutries holdiginiň ýolbaşçysy Mukeş
Ambani eýeledi we “güýçli onlugy” Google kompaniýasynyň
esaslandyryjylarynyň biri Larri Peýj (67,7 milliard dollar) tamamlady.