Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Halkara futbol
federasiýasynyň reýtinginde 129-njy ornuny saklap galdy, diýip guramanyň resmi
saýty habar berýär. Türkmen ýygyndysynyň ygtyýarynda 1107 utuk bar.
Reýting öňküsi bilen deňeşdirilen de üýtgemedi. Çünki milli ýygyndylar
soňky aýlarda duşuşyklary geçirmediler.
Birinji onlukda hiç hili üýtgeşme bolup geçmedi. Birinji orunda Belgiýa,
ikinji orunda Fransiýa, üçünjide – Braziliýa. Birinji bäşlige şeýle hem Angliýanyň
we Urugwaýyň ýygyndylary girýär.
Dünýä çempionaty 2022-ä saýlaw tapgyry boýunça Türkmenistanyň
bäsdeşleri reýtingde şu orunlary eýeleýär: Koreýa Respublikasy – 40-njy ýer,
Liwan – 89-njy, KHDR – 116-njy, Şri-Lanka – 206-njy.
FIFA-nyň indiki reýtingi 14-nji awgustda neşir ediler.