Waşington uniwersitetiniň alymlarynyň çaklamalaryna görä, 2100-nji ýylda
planetamyzdaky her bir aýala 1,7 sany çaga dogry geler. Bir aýala 2,1 çaganyň
dogry gelmegi bolsa ilatyň kemelip başlandygyny aňladýar.
Alymlaryň barlaglary “Lanset” žurnalynda neşir edildi. Olar 2064-nji ýyla
baryp dünýä ilatynyň sanynyň 9,7 milliarda ýetmegini, soňra bolsa kemelip, asyryň
ahyrynda 8,8 milliarda çenli azalmagynyň mümkindigini aýdýarlar. Muňa bolsa
okaýan we işleýän aýallaryň sanynyň artmagy sebäp bolup biler diýip pikir
edýärler.
Ilatynyň köp böleginiň azalmagy aýrylmagy garaşylýan ýurtlaryň biri –
Ýaponiýa. 2017-nji ýylda Günüň dogýan ýurdunda ilatyň sany 127 milliona
ýetipdi. Asyryň ahyrynda bolsa 53 milliondan hem azalmak ähtimallygy bar. Şol
wagtlara baryp Italiýanyň ilaty 61 milliondan 28 milliona çenli azalar.
Alymlaryň pikirine görä, 2100-nji ýyla çenli 23 ýurduň ilatynyň sany iki esse
gysgalar. Olaryň arasynda Ispaniýa, Portugaliýa, Tailand we Günorta Koreýa hem
bar. Hytaý ilaty 2024-nji ýylda 1,4 milliarda ýetmegi mümkin. Şondan soň kemeler
we asyrymyzyň ahyrynda 732 milliona çenli aşaklar. Ilatynyň sany boýunça
öňdelige bolsa Hindistan eýe bolar. Bilermenler bu mesele global derejede ýaýylan
diýýärler: 195 döwletden 183 sanysynda dogluş ilatyň köpelmegi üçin ýeterli
bolup bilmez.