Alymlar howada tozgajyklaryň ýüze çykmagy bilen respirator keseli möwsüminiň tamamlanmagynyň arasyndaky baglanyşygy anykladylar. Olar organizmiň immun sistemasy allergene täsir edip başlaýar we wirusdan gowy üstün çykýar diýip hasaplaýarlar. Dümew epidemiýasynyň häzirki zaman modelleri onuň möwsümleýinligini ýeterlik derejede düşündirmeýärler, şonuň üçin täze ýaýramalary çaklamak kyn bolýar. “ToDay News Ufa” neşiriniň habar bermegine görä, Niderlandiýada Açyk uniwersitetiň we Erazmus lukmançylyk merkeziniň alymlary üýtgeşik netije çykardylar. Bu barada naked-science.ru belläp geçýär. Olar tozgajyk epidemiýanyň, şol sanda Covid-19-yň möwsümleýinligini düşündirip biler diýip çaklaýarlar. Bu ýerde allergen immunitetiň işjeňleşmeginde rol oýnaýar we wirusyň köpeliş tizligini peseldýän bioaerozoly döredýär.
Hünärmenler 2016-2020-nji ýyllaryň içinde respirator keselleriň ýaýramagynyň möwsümleýin grafikasyny öwrendiler we olary Niderlandiýada tozgajyklaryň peýda boluş grafikasy bilen deňeşdirdiler. Netijede wirusyň ýaýrawynyň howada tozgajygyň barlygyna baglydygyny anyklamak başartdy: tozgajygyň peýda bolmagy dümewe meňzeş keselleriň möwsüminiň tamamlanýandygyny görkezýär. Şeýle-de wirusyň ýaýramagyny Gün işjeňligi hem gowşadýar. BSGG organizme Günüň ýa-da ýokary temperaturanyň täsiriniň kesellemek howpunyň öňüni almaýandygyny belleýär, mundan başga-da, Covid-19 klimata garaşsyz ýaýraýar. Ýöne tozgajyk we gurak howa hakykatdan hem, wirusyň saklanýan mikrodamjalaryny ýok edip bilýär we şeýlelikde onuň ýaýramagyny gowşadýar.
Şunuň bilen birlikde, alymlar munuň ýönekeý gabat gelme bolup biljekdigini hem belleýärler, sebäbi gülleme wirusa-da täsir edýän belli bir howa temperaturasynda hem-de Günüň işjeňliginde başlaýar. Işiň awtorlary koronawirusyň güýzde we gyşda, haçan-da demirgazyk ýarym şarda tozgajygyň möwsümi tamamlananda has işjeň bolup biljekdigini hem aýtdylar.