Golaýda Türkmenistanyň Goranmak Ministrliginiň Gökderedäki “Altyn
ýyldyz” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýaş ýangyn söndüriji toparlaryň
arasynda ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Içeri
işler hem-de Bilim ministrlikleriniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Merkezi Geňeşi, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Aşgabat
şäheriniň Büzmeýin etrap häkimliginiň guramagynda geçirilen bäsleşik bäş şerti
öz içine alyp, diýseň çekeleşikli boldy. Oňa bu ýerde dynç alýan çagalar örän uly
gyzyklanma bildirdiler. Hormatly Prezidentimiziň: “Biz ata-babalarymyzyň
ýaşlary sagdyn ruhda terbiýelemek baradaky ýörelgelerine täzeçe öwüşgin berýäris
we olary häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda sagdyn durmuşy ornaşdyrmakda
“Sagdyn bedende – sagdyn ruh” pähiminden ugur alýarys” diýen parasatly jümlesi
özüniň netijeli miwesini berýär. Degişli gulluklaryň we jemgyýetçilik guramalary
tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesliň geljekki durmuşa taýýar, düşünjeli ýaşlar bolup
ýetişmeklerini, mekdep okuwçylarynyň ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri
baradaky bilimlerini kämilleşdirmek, olaryň ýangyn howpuna garşy raýatlyk
borçlaryny dogry ýerine ýetirip bilmeklerini gazanmak maksady bilen geçirilen
bäsleşik hem merkezde dynç alýan çagalar üçin özboluşly durmuş mekdebine
öwrüldi.
Tizlik we ugurtapyjylyk esasy orun eýeleän bu bäsleşige gatnaşan toparlaryň
çalasyn hereketleri we başarjaňlygy tomaşaçylaryň we emin agzalarynyň ünsüni
özüne çekdi. Bäsleşigiň geçişini başdan-aýak syn etseň, gatnaşyjylaryň örän
taýýarlykly gelendiklerini görmek bolýar. Ýaş ýangyn söndürijiniň özüniň
biçüwine laýyk gelýän geýimini geýen topar agzalary päsgelçilikli ylgawlarda biri-
birinden ýokary netijeleri görkezdiler. Ýörite guralan adatdan daşary ýagdaýlardan
ugurtapyjylyk bilen baş alyp çykmagy başardylar. Ýangyn söndüriji enjamlary
dogry ulanmagyň düzgünlerini dürs berjaý etdiler. Şertleriň dogry we tiz ýerine
ýetirilişi göz öňünde tutulyp, merkeziň “Gerçek” ýygyndy topary I orna,
“Merdana” ýygyndy topary II orna, “Edermen” ýygyndy topary bolsa III orna
mynasyp görüldi. Gatnaşyjylaryň arasynda Kerem Öwezow iň işjeň we şahsy
görkezijileri boýunça ýokary netijäni görkezen ýaş türgen hökmünde
tapawutlandy.
Netijede, bäsleşikde ýeňiji bolan ýygyndy toparlara, şeýle-de şahsy
görkezijilerde ýokary bahany eýelän gatnaşyjylara ony gurnaýjylar tarapyndan
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň
göçme kubogy we diplomlardyr ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda
gowşuryldy.

Toýly MUHAMMETDURDYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen

döwlet

uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.