Siziñem bilşiñiz ýaly soňky döwür Ronaldo bilen Messiniň dartgynly çekeleşigine syn edýäris. 12.07.2020ý. senesine çenli Ronaldo özüniň, jemläp aýdanymyzda, öz kariýerasynda 736-njy goluny garşydaşlarynyň toruna geçirip, mundan öň 735 gol kariýerasy bolan Gerd Müllere degişli rekordy täzeledi. Atalanta bilen Juventusyñ arasynda 2-2 gutaran duşuşygynda Ronaldo 2 goly garşydaşlaryna geçirip, Seria A ligasynda 28-nji goluny geçirdi.
Entegem dünýa futbol taryhynda 805 gol bilen Joef Biscan birinji orunda, 772 gol bilen Brazillaryň Romariosy ikinji orunda, 767 gol bilen dünýäniň iň ökde futbolçysy Pele üçünji orunda, 746 gol bilen Wengerleriň Ferenk Puşkaşy dördünji orunda, 736 gol bilen Cristiano Ronaldo bäşinji orunda, 735 gol bilen Germanlaryň Gerd Mülleri altynjy orunda, Leo Messi bolsa 708 gol bilen ýedinji orny eýeleýärler. Ronaldo bilen Messi ýene-de öz gollary bilen tapawutlanyp bilseler, ýokarky münberlere tarap hereket ederler.
11.07.2020ý. senesinde Barselonanyň garşydaşlaryny 1-0 ýeňişi bilen gutaran duşuşykda goly salan Artura Widala assist geçiren Leo Messi, özüniň şu sezon La Ligadaky 20-nji assistini geçirdi. Şunlak bilen 22 gol we 20 assisti bir sezonda geçiren, has dogrusy 20 gol, 20 assisti geçiren ýeke-täk oýunçydyr.

Baýew Hudaýberdi