Günorta Afrika Respublikasynyň Krýuger milli seýilgähiniň çäginde, Sabi
derýasynyň üstünden geçen galyndy demir ýol köprüsiniň üstünden köp ýyllar
hereket edip, “unudylyp galdyrylan” gadymy otludan myhmanhana ýasadylar. Bu
barada syýahatçylygy ýöriteleşen “Travel & Leisure” saýtynda habar berilýär.
Geljekki myhmanhana eýeleriniň aýtmaklaryna görä, birnäçe wagondan
ybarat düzüm täzeden bejergi edilip, täze ýaşaýyş jaýy halyna getiriler. Bu
“Myhmanhananyň mundan beýläk 100 ýyl öň bu seýilgähde barlaglar alyp baran
adamlaryň hatyrasynda hormat-sylag netijesidir” hökmünde beýan edilýär.
Krýuger bagynda seýil etmek ilkinji gezek 1920-nji ýylyň başlarynda rugsat
edilipdir. Otly hereketiniň soňky nokady edil şu ýerde, ýagny myhmanhana emele
geljek ýerdedi. Şol wagtlar dynç alýanlar bu seýilgähde diňe ine şu otluda seýil
etmek üçin girerdiler.
Otly-myhmanhananyň diwary indi aýnaly görnüşe getirildi. Syýahatçylar
günüň dowamynda içeriden durup hem tebigatdan lezzet almak mümkinçiligine
eýe bolarlar. Basseýnli açyk eýwan bolsa umumy gözýetime goşmaça görk
bagyşlaýar. Myhmanhanada taýýarlanan 31 sany otaga döwrebap, gymmat bahaly
mebeller ýerleşdirilýär. Her bir otagda ýerden potologa çenli uzalyp gidýän aýnaly
penjireler hem-de wanna ornaşdyrylar.
Dogry, koronawirus pandemiýasy netijesinde myhmanhananyň gurluşygy
uzaga çekdi. Barybir, jogapkärler 2020-nji ýylyň ahyryna çenli, deslapky
myhmanlary kabul etmek mümkinçiligini döretmäge çalyşýarlar.