Amerikaly Žill Praýs ýaly güýçli ýatda saklaýyş ukybyna eýe bolmagy her bir
mekdep okuwçysy ýa-da talyp arzuw etse gerek.
Gyzykly tarapy, 42 ýaşly aýal çagalygynda başdan geçiren ähli waka we
hadysalary juda gowy ýatda saklapdyr. Eger ondan 20 ýyl öň edil şu güni öýleden
soň kim bilen duşuşanyny sorasalar, ikirjiňlenmän, bäş minut mundan öň bolup
geçen waka ýaly ýüpünden iňňesine çenli ähli zatlary aýdyp berýär. Kaliforniýa
uniwersitetiniň alymlary bu kesele gipertimestik sindrom, ýagny grekçe “güýçli
ýat” diýip at berýärler. Emma Žill munuň ýaly ýada eýe bolan ýeke-täk adam däl.
Dünýäde bu häsiýete eýe ene-de bäş adam bar. Lukman alymlar olary özara
baglanyşdyryp duran käbir aýratynlyklary anykladylar.
“Ýokary ýatkeşlige” eýe adamlaryň ählisi çepbekeý bolup, telewizion
gepleşikleri kolleksiýa etmegi halaýarlar. Žill Praýs bolsa durmuşda bolup geçen
erbet wakalary undup bilmän uzak wagt depresiýa ýagdaýyna düşüp galandygy
hakynda kitap ýazmagy meýilleşdirýär.