2020-nji ýylyň 13-nji iýulyndan Aşgabatdaky «Berkarar» söwda-dynç alyş
merkezi wagtlaýyn ýapylýar. Bu ýerde sanitar arassaçylyk we zyýansyzlandyryş
işleri geçiriler. Bu barada merkeziň sowal-jogap gullugy «Turkmenportala» habar
berdi.
Häzir merkezdäki söwda nokatlaryndan diňe «Kämil» söwda zynjyry işleýär.
Onuň mobil programmalar arkaly onlaýn hyzmat hem berýändigini ýatladýarys.
Şol hyzmatlar bilen «Kämil» market harytlary öýe çenli getirip berýär.
2014-nji ýylda açylan «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi 10 ýyl
abadançylyk we Atatürk köçeleriniň çatrygynda ýerleşýär. Ol diňe bir türkmen
paýtagtyndaky däl, tutuş ýurtdaky iň iri köpugurly söwda merkezleriniň biridir.