Arassaçylyk, zyýansyzlandyryş we öňüni alyş çärelerini geçirmek maksady
bilen, 2020-nji ýylyň 13-nji iýulyndan başlap, Aşgabat şäherindäki «Altyn asyr»
Gündogar bazarynyň işi wagtlaýyn çäklendirilýär, diýip «Türkmenistan» gazetiniň
13-nji iýuldaky sany habar berýär.
“Altyn Asyr” Gündogar bazary – Türkmenistanda bazarlaryň arasynda iň
ulusydyr. Ol Aşgabadyň eteginde, Çoganly ýaşaýyş toplumanda ýerleşýär. Ol
2011-nji ýylda 154 gektar meýdanda türkmen haly göli görnüşinde guruldy.