Italiýa syýahatçylyk maksadynda Ýewropa Bileleşigi hem-de Şengen
döwletleri, şeýle-de Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen
Patyşalygy, Andorra, Monako knýazlygy, San-Marino Respublikasy, Watikandan
gelýän myhmanlaryň girmegi mümkin. Bu barada Italiýanyň milli syýahatçylyk
agentligi habar berýär.
Maglumatlara görä, Awstraliýa, kanada, Gruziýa, Ýaponiýa, Çernogoriýa,
Marokko, Täze Zeleandiýa, Ruanda, Serbiýa, Koreýa Respublikasy, Tailand,
Tunis, Urugwaýda ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryna bolsa 14 günlük izolýasiýada
bolmak şerti bilen ýurduň çägine girmäge rugsat berler.
Agentlik bu babatda şeýle belleýär: “Her iki hepdede ÝB we Şhengen
döwletleriniň ýagdaýlaryna ýene-de bir gezek seredilip geçiler. Maglumatlar
anyklaşdyrylar. Soňra täze karar kabul ediler”.