Abdulmanap Nurmagomedowyň ýakyn dosty, dagystanly sport teswirçisi
Ramazan Rabadanow tanymal tälimçiniň aradan çykandygy hakynda beýannama
berdi.
Onuň aýtmagyna görä, UFC çempiony Habib Nurmogamedowyň kakasy we
tälimçisi koronowirusy ýokuşdyrandan soň juda aýylganç belgilere sezewar boldy.
Bu barada Rabadanow şeýle gürrüň berýär: “Abdulmannap iki gezek insulty
geçirdi. Ýürek we beýnide bolup geçen bu nähoşluklardan diňe ýüregi bejerip
boljakdy ýöne beýnini gowulaşdyrmak biziň elimizden gelmedi. Ol komadan
çykdy. Ýagdaý juda agyrlaşdy. Lukmanlar ellerinden gelenini etdi. Bolup geçen
ýagdaýa hatda Russiýa prezidenti hem goşuldy”.
Maglumat hökmünde belläp geçsek, Abdulmannap Nurmogamedow aprel
aýynyň ahyryndan bäri hassahanadady. Ol ilki agyr ýürek operasiýasyny başdan
geçirdi. Soňra bolsa, bolsa onuň koronawirus ýokanjy bilen hassalanany mälim
boldy. Habib Nurmagomedow kakasyny sagaltmakda kömek bermek üçin Russiýa
prezidenti Wladimr Putina ýüz tutdy. Netijede bolsa sportçynyň kakasyna ýokary
derejedäki lukmançylyk hyzmatlary ýerine ýetirilen. Abdulmannap
Nurmagomedowyň ölümi 3-nji iýun güni mälim edildi. Ol 57 ýaşynda aradan
çykdy.