Birwagtlar Ýeriň ýüzünde bar bolan görnüşleriň birnäçesi eýýäm ýitip
gitdiler. Eger-de bu barada pikirlensek, onda iru-giç adamlar hem ýok bolup
giderler diýip çak etmek bolýar. Köp hünärmenler adamyň ýok bolup
gitmegi – bu “eger” diýen sorag däl-de, “haçan” diýen sorag diýip
hasaplaýarlar. Bu barada popmech.ru ýazýar.
Elbetde, Ýer bizsiz has gowy ýaşar. Bizden soň ýaşaýyş dowam eder,
biziň Ýeriň ýüzünde goýup gidýän yzlarymyz bolsa pikir edişimizden hem
çalt ýiter. Biziň şäherlerimiz ýumrular, meýdanlarymyz öser. Ahyrynda
adamzatdan galjak zat bu plastikanyň ýuka gatlagy we radioaktiw
izotoplary bolar. Tebigatyň adamyň yzyny çalt we netijeli aýyrýandygyna
göz ýetirmek üçin Çernobyldaky ýat bolan zona seretmek ýeterlikdir. AES-
daky heläkçilikden soň 30 ýyldan hem köp wagt geçdi, şol wagtyň içinde
zona ösümlik we haýwan görnüşleriniň giňden ýaýran ýerine, ýabany
tebigata öwrüldi.
Ýöne ösümlikleriň we haýwanlaryň köp görnüşleri biziň ýitip giden
wagtymyzda zyýan çekip bilerler. Biziň iýmit üçin oturdýan ekinlerimiz
derrew özleriniň ýabany “ata-babalary” bilen çalşyrylar. Pestisidleriň ýitmegi
mör-möjekler üçin demografik ösüşi aňladar. Mör-möjekleriň şeýle ösüşi
hem olary iýýän görnüşleriň, ýagny guşlaryň, gemrijileriň, süýrenijileriň,
ýarganatlaryň köpelmegine getirer.
Paýhasly durmuşyň gaýtadan ewolýusiýa geçirip biljekdigi baradaky
soraga jogap bermek kyn. Teoriýalaryň birine laýyklykda, intellekt biziň ata-
babalarymyza düýpli ekologiki özgertmeleri başdan geçirmäge kömek
edendigi üçin ösüpdir. Şeýle-de, intellekt indiwidlere uly sosial toparlarda
ýaşamaga we köpelmäge kömek edýär. Intellekt – bu sagdyn genleriň
görkezijisi. Şonuň üçin bu üç sebäbiň adamdan soň dünýäde ýene-de
birikmegi mümkindir.
Eger-de siz wagtyň geçmegi bilen ähli zatlar ýumrular, biz bolsa
yzymyzda diňe ekologiki heläkçiligi goýarys diýip pikir eden bolsaňyz, onda
bu doly derejede beýle däldir. Elbetde, ýollar hem ahyry gömüler ýa-da
tebigy güýçler bilen ýumrular. Ýöne sungatyň käbir predmetleri biziň
ýaşandygymyza soňky şaýat bolup bilerler. Keramika, bürünç heýkeller we
ýadygärlikler biziň iň berk miraslarymyzyň biri bolar.