Dünýäde koronawirus boýunça jemi 141 sany waksinanyň üstünde barlaglar
alnyp barylýar. Bu barada BSGG-niň başlygy Tedros Gebreýusus mälim etdi.
Ol bu barada şeýle diýýär: “Elbetde, bütinleý gorag ätiýaçlandyrmasy ýok,
ýöne biz muňa umyt edýäris!”.
Öňräk bütin dünýäde koronawirus ýokanjyna garşy 300-e ýakyn waksina
klinik synaglardan geçirilýäni, BSGG üç sany waksinanyň tamamlaýjy tapgyryny
geçirmeklige rugsat berendigi hakynda aýdylýar. Şeýle-de, BSGG-niň başlygy
Tedros Gebreýesus koronawirus infeksiýasynyň pandemiýasyny tamamlamagyň
öňüsyrasynda däldigi, eýsem, keseliň tizleşýändigini mälim etdi.
Jons Hopkins maglumatlaryna görä, dünýäde koronawirus ýagdaýy bellige
alnanlaryň sany 10 million 700 müň adamdan geçdi. Wirusyň netijesinde 516
müňden artyk adam aradan çykdy.