Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionyna ýanaşyk meýdanda geçirilen ýaryşa paýtagtymyzdan hem-de welaýatlardan çagalar futbol toparlarynyň jemi 12-si gatnaşdy. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Futbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda 2009 — 2010-njy ýyllarda doglan çagalaryň arasynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygar astyna geçirilen ýaryşyň ýeňijileri belli boldy. Ýaryşda birinji orny eýelemek ugrundaky duşuşyklar «Diýar» bilen «Kuwwat-1-iň» aralygynda geçirildi. Düzüminde ýetginjek futbolçylaryň iň ezberlerini jemleýän bolsa-da «Kuwwat-1-iň» oýunçylarynyň arasynda özara düşünişmezlikler sebäpli 4:3 hasabynda garşydaşyndan öňe saýlanan «Diýar» ýaryşyň ýeňijisi bolmagy başardy. Üçünji orny eýelemek ugrundaky duşuşyklar «Kuwwat-2» bilen «Gökjäniň» arasynda geçirildi. Oýnuň iki ýarymyny hem 1:1 hasap bilen tamamlan toparlar 11 metrlik ýerime urgusy bilen öz aralarynda bäsleşdiler. Netijede «Kuwwat-2» 4:3 hasabynda öňe saýlanyp ýaryşyň üçünji ornuny eýelemegi başardy. Geçirilen duşuşyklaryň netijesinde 11 gezek tapawutlanmagy başaran «Kuwwat-1» toparynyň oýunçysy Berdi Berdiýew iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda öňdeligi eýelemegi başardy. Şol topardan Kaýum Berdiýew bolsa ýaryşyň iň ökde hüjümçisi diýlip saýlanan bolsa, bu toparyň ezber oýunçysy Kakajan Allamyradow ýaryşyň iň ökde oýunçysyna gowşurylýan baýraga mynasyp bolmagy başardy. Birinjiligini almak ugrundaky ýaryşda ýeňiji bolan toparlara hem-de tapawutlanan oýunçylara diplomlardyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby