Britaniýalylaryň käbirleri (75%) koronawirus pandemiýasy döwründe döwletiň premýer-ministri Boris Jonsonyň zähmet hakyny gysgaltmagy sorap ses berişlik geçirdiler. Bu hakda geçirilen sowalnamalara esaslanyp, “Daily Mail” habar
berýär. Aýdylmagyna görä, britaniýaly saýlawçylar diňe bir Boris Jonsonyň, eýsem, beýleki wezipeli işlerde işleýän hökümet işgärleriniň hem 10% çenli zähmet haklarynyň azaldylmagyny isläp ýüz tutupdyrlar. Ses berenleriň diňe 13 göterimi bu pikirlere garşy ses beripdir. Respondentleriň 11 göterimi bolsa jogap bermekden ýüz öwrüpdir.
“Britaniýalylaryň dörtden üç bölegi Boris Jonsonyň London şäheriniň meri Sodig Honga öýkünip hem-de ýyllyk iş hakynyň 15 müň funt gysgaltmagy isleýärler” diýilýär berilýän habarlarda.

Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby