Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama
laýyklykda, Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew 1941 — 1945-nji
ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli
geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin 2020-nji ýylyň 23-24-nji iýunynda Russiýa
Federasiýasynyň Moskwa şäherinde gulluk iş saparynda bolar.