Ýewropa futbol assosasiýalarynyň bileşiginiň guramaçylyk komitetiniň
nobatdaky mejlisinde Ýewropa döwletleriniň ýygyndy toparlary üçin 2022-nji
ýylda Katarda geçiriljek Dünýä çempionatynyň formaty tassyklanyldy.
Oňa görä, saýlama tapgyrlarda 55 sany topar on sany topara bölüner. Şeýlelik-
de, 5 sany toparda 5 sany milli ýygyndy, ýene-de bäş sany toparda bolsa 6 sany
milli ýygyndy çykyş eder. Her bir toparyň ýeňijisi göni Dünýä çempionatynyň
final tapgyryna ýol alar. Ikinji orny eýelän on sany ýygyndy bolsa, Milletler
Ligasynyň oýunlaryndan geçen iki sany saýlama topar bilen play-off tapgyrynda
ýaryşmak üçin üç sany ýollanma gazanmak maksady bilen bäsleşerler.
Ýatladyp geçsek, indi bu formaty Halkara futbol federasiýasynyň
tassyklamagy gerek. Dünýä çempionaty 2022-nji ýylyň 21-nji noýabry-18-nji
dekabry seneleri aralygynda geçiriler.

Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby