Italiýanyň “Ýuwentus” futbol klubynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu
Angliýanyň “Çelsi” toparyna geçmegi mümkin. “Marca” neşiriniň ýazmagyna
görä, iňlis kluby portugaliýaly hüjümçi üçin 120 million ýewro teklip edipdir.
Kriştianu Ronaldu 2003-2009-njy ýyllarda Angliýanyň “Mançester
Ýunaýted” futbol klubynyň çäginde çykyş edipdi. Ol toparyň düzüminde 196
oýunda meýdana çykyp, 84 gol geçirmegi başarypdy. 2009-njy ýylda bolsa “Real”
futbol klubyna geçdi we 2018-nji ýylyň tomsuna çenli bu klubyň abraýyny
gorapdy. 2009-2018-nji ýyllarda Kriştianu Ronaldu 292 duşuşykda çykyş edip 311
goly derwezä salmagyň hötdesinden gelipdi.
Gadamy batly hüjümçini 2018-nji ýylyň tomsunda 117 million ýewro
öwezine “Ýuwentus” futbol kluby satyn aldy. Ol Italiýa çempionatynyň şol
möwsüminde 22 sany oýna gatnaşyp, garşydaşlaryň derwezesine 21 gol girizdi.
Futbolçynyň “Ýuwentus” topary bilen baglaşan şertnamasy 2022-nji ýyla çenlidir.
Kriştianu Ronaldu dünýädäki ilkinji milliader futbolçydyr. Sport äleminde bolsa
üçünji iň baý sportçydyr.

Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby