13-nji iýunda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda ýurdumyzyň Harby akademiýasynyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny hormatlamak dabarasy boldy.

Bu waka mynasybetli guralan dabara Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdepde başlandy. Bu ýerde watançy esger, ilhalar ynsan we durmuş ýoly nusgalyk mekdebe öwrülen B.Annaýewiň ýadygärligine gül desseleri goýuldy.

Soňra Harby akademiýanyň, Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň, Içeri işler ministrliginiň institutynyň uçurymlary “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň etegine gül desselerini goýdular.

Harby uçurymlar Watanymyza bolan belent buýsanç duýgusy bilen Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň öňünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize ak ýürekden wepaly gulluk etjekdikleri hakynda harby kasamy ýerine ýetirdiler.

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynda deňizçi uçurymlaryň hormatyna gutardyş dabarasy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän Baýdak meýdançasynda ýaýbaňlandyryldy.

     

Toýly Muhammetdurdyýew

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby