Rouz Mari Bentli durmuşynyň köp bölegini Oregon ştatynyň demirgazyk-günbataryndaky obalaryndaky öýünde we adamsy bilen bilelikde açan azyk önümleri dükanynda geçiripdir. Bu aýal manyly ömrüniň dowamynda ýerli horda aýdym aýdypdyr. Mekdepde çagalara sapak öwredipdir. Bagbançylyk bilen meşgullanypdyr.

2017-nji ýylda Bentliniň ölüminden soň garyndaşlary onuň ajaýyp syryndan habarly boldular. Ýagny, amerikaly bu garry aýal özüniň beden agzalaryny Oregon saglygy goraýyş we ylym uniwersitetine berilmegini wesýet edýär. Edil şol sebäp hem Rouza syryny gabryna alyp gitmäge ýol  bermedi. Çünki adatça garry çagy aradan çykan adamyň jesedini ýaryp görmek talap edilmeýärdi.

Içki agzalary açyp görüş netijesinde lukman talyplar Bentli özüniň 99 ýyllyk ömrüniň dowamynda içki synalarynyň transpozisiýasy (ýa-da aýna tertibinde ýerleşişi), diýip atlandyrylýan anomaliýa bilen ýaşandygyny anykladylar.  Anatomik aýlanma Bentliniň bagyr, aşgazan we başga garyn boşlugyndaky synalaryň sagdan çepe göçürilmegine eltipdir. Diňeje ýürek öz ýerinde galypdyr. Munuň ýaly transpozisiýanyň (lewokardiýa) warianty 22 müň täze doglan çagalaryň birinde duş gelýär.

Topografik anatomiýanyň professory Kem Uokerniň pikirlerine görä, lewokardiýa bilen doglan 50 million adamdan diňe biri kämillik ýaşyna ýetýär. Çünki içki synalaryň transpozisiýasy durmuş üçin dogma ýürek näsazlyklaryny ýüze çykarýar. Rouzda organlaryň simmetriýasy bilen bagly meseleler bolmanlygy sebäpli howatyr alarly keseller ýokdy. Lukmançylyk edebiýatlarynda lewokardiýa we içki synalaryň tersin ýerleşişi bilen diri galyp, takmynan 70 ýyl ömür süren iki adam we uzak wagt dowamynda hiç kim bu ýaşyň çäginden geçmändigi dogrusynda maglumat berilýär.

Toýly Muhammetdurdyýew

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby