Fransiýa Prezidenti Emanuel Makron ýurduň ilatyna eden ýüz tutmasynda Fransiýanyň koronawirus pandemiýasynyň üstünden ýeňiş gazanandygyny mälim etdi. Bu barada ýerli “Le Parisien” neşiri habar ýaýratdy.

Maglumatlara görä, Maýotta hem-de Gwianadan daşary 15-nji iýundan başlap döwletiň ähli çägi “Ýaşyl” zona, ýagny koronawirusdan arassa çäk diýlip yglan edildi. Restoran, kafe, barlar öz işini dikelder we döwlet serhetleri hem açylar. Mekdeplerde adaty bilim bermeklik 22-nji iýundan başlar.

Emanuel Makron bu barada şeýle diýýär: “Emma bu wirusyň doly ýok bolanyny aňlatmaýar. Biz pandemiýanyň galyndylary bilen uzak wagt ýaşamaga mejbur. Koronawirusa garşy göreş häli dowam edýär. Emma men wirus üstünden birinji ýeňşi ele salanymyza begenýärin”. Döwlet ýolbaşçysynyň bellemegine görä, häzirki wagtda esasy wezipe döwlet ykdysadyýetini dikeltmäge gönükdirilmelidir. Tassyklanylyşyça, Fransiýada koronawirus infeksiýasyny 152 460 adam özüne ýokuşdyrypdyr. Şolardan 29 335 sany näsaglar bolsa aradan çykdy.

Toýly Muhammetdurdyýew

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby