360 pirleriň mekany keramatly  Daşoguz topragy Medeniýet hepdeligi-2020-ni kabul etmäge gyzgyn taýýarlyk görýär. 22-nji iýundan 27-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň demirgazyk sebiti beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabat gelýän ýurduň döredijilik bileleşiginiň wekilleriniň hünär baýramy mynasybetli özboluşly dabaralaryň, medeni çäreleriň we täze premýeralaryň merkezine öwrüler.

    Her ýyl geçirilýän bu çäre ýurdumyzyň köpugurly taryhy-medeni mirasyny görkezmäge mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde-de opera we aýdym-saz, kinematografiýa we teatr, şekillendiriş we amaly-haşam, edebiýat we halk döredijiligi ýaly ol milli sungatyň ähli görnüşlerini görkezip, özara gatnaşyklara we kärdeşleriň arasynda pikir alyşmaga mümkinçilik döredýär. Bu hakykatdan hem, medeniýet işgärleri üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly pursatlary bagş edýär.

     Medeniýet forumynyň çäklerinde N. Andalyp adyndaky sazly-drama teatrynda, welaýat kitaphanasynda we taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde, şeýle hem Daşoguzdaky Ruhyýet Köşgüniň öňündäki Görogly meýdançasynda dürli çäreler geçiriler. Oba Medeniýet öýleri hem öz sahnasyny ýurduň sebitleriniň ählisiniň wekilleriniň ygtyýaryna bererler.

Ýurduň teatrlary-da sungat muşdaklaryny täze oýunlary bilen begendirmäge taýýarlanýarlar. Olardan Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyda adybir dessan esasynda döredilen «Nejep oglan» operasy milli döredijilik forumynyň garaşylýan premýerasydyr. Epiki ýordum sazly-şahyrana dil bilen beýan ediler.

      Oýny döredenleriň: librettonyň awtory – Gowşutgeldi Daňatarowyň, kompozitor – Nurygandym Hojamuhammedowyň, oýun goýujy-režisýor – Aýnazar Batyrowyň bu dessany saýlamagy ýöne ýerden däldir. Onda beýan edilýän wakalar orta asyr Köneürgenjinde bolup geçýär. Onuň baş gahrymany – dutary bilen dertleri dep edýän we ýamandan üstün çykýan zehinli bagşy, gerçek ýigit. Esasy keşpleri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary we talyplary döredýärler.

      Nurmuhammet Andalyp adyndaky Döwlet sazly-drama teatry (Daşoguz ş.) Medeniýet hepdeligi-2020-niň çäklerinde «Görogly» eposynyň esasynda şahnalaşdyran täze oýnuny görkezmäge taýýarlanýar. Sahna işiniň konsepsiýasy medeniýetiň döredijilik wezipesini açyp görkezýär. Spektakl sungat dilinde hoşmeýilli goňşuçylyk we parahatçylyk döredijilik ýörelgeleri, türkmen halkynyň milli gymnmatlyklary barada gürrüň berýär.

      Giň möçberli medeni çäräniň çäklerinde hormatly ada mynasyp bolan döredijilik işgärlerini we Türkmeniň Altyn asyry-2020 bäsleişiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolar.

          Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasyna laýyklykda welaýatyň myhmanlary ýurduň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkeziniň arhitektura landşafty we gözel ýerleri, onuň seýilgäh toplumlary bilen tanşarlar, şeýle hem taryhy-medeni mirasyň ýadygärliklerine baryp görerler. Daşoguzyň günorta-gündogar böleginde ýerleşýän «Derek» bagly täze toplumy möçberli döredijilik çäresiniň birini kabul etmäge taýýarlanylýar.

     

Toýly Muhammetdurdyýew

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby