Dünýä ilatyny alada salýan koronawirusyň bäbeklere ene süýdi arkaly ýokuşmagynyň mümkinligi hakyndaky pikirler häli öz tassygyny tapanok. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň degişli hünärmeni Anşu Banerji bu barada şeýle maglumat berýär. Ýagny, “Şu güne çenli ene süýdünde diri wiruslar tapylmady. Şu sebäpli koronawirusyň eneden çaga ýokuşmak howpy ýok”.

Bulardan başga-da, BSGG-niň başga bir hünärmeni Mariýa wan Kerkhowe gurama COVID-19 bilen hassalanan enelere çagalar üçin howpsuz bolany üçin çagalaryny öz ene süýdi bilen iýmitlendirmegi dowam etmeklerini maslahat berýändigini belläp geçdi.

 

Toýly Muhammetdurdyýew

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby