Goňşy ýurtlaryň biri Gazagystan döwletinde iýun aýynyň ahyryna çenli QR-kod kömegi bilen öýlenmek mümkin bolar. Bu barada “Sputnik” maglumatlar çeşmesi habar berýär. Ýöne munuň üçin elektron gol we kompýuterde ýörite maksatnama bolmagy gerek bolar. Şondan soň QR-koduny mobil hyzmatyň üsti bilen skanerden geçirip almagyň özi ýeterlik bolar.

Taslamanyň esasy maksady döwletdäki “Hökümet raýatlar üçin” döwlet korparasiýasy tarapyndan QR-kod arkaly peýdalanylýan hyzmatlaryň görnüşleri köpeltmekdir.

Nikanyň resmileşdirilendigini, çaga doglanlygyny bellige almak, çagalar baglaryna nobata goýmak, ýuridiki şahsyň işini ýola goýmak, salgyt hasabatlaryny (250 görnüşdäki) kabul etmek  ýaly döwlet işlerini amala aşyrmakda oňaýlylyklary döretmek bu maksatnamanyň amatly taraplarynyň biridir.

 

Toýly Muhammetdurdyýew

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby