Ispaniýanyň Nawarra uniwersititetiniň alymlary adamyň tiz garramagyna sebäp bolýan önümleri mälim etdiler. Bu barada “La Wanguardia” neşiri habar berýär.

Garramagy tizleşdirýän önümleri anyklamak üçin alymlar 57-den 91 ýaşa çenli bolan 886 adamyň gatnaşmagynda barlaglary geçirdiler. Barlaglara görä, gaýtadan işlenen tagamlaryň, naharlaryň çendenaşa köp kabul edilmegi öýjükleriň telomeralaryny azaldýar. Hromosomalaryň ujunda ýerleşýän ady agzalan telomerler, adatça, ýaş ötdügi saýyn kemelýär. Emma gaýtadan işlenen önümleriň köp kabul edilmegi bedendäki telomerleriň iki essä çenli çalt azalmagyna getirýär.

Bellenilişine görä, gazlandyrylan içgiler, gaýtadan işlenen et önümleri (şöhlat önümleri, taýyn towuklar), senagatlaşdyrylan tiz tagamlar, süýtli kokteýller hem-de  taýýar pissalar ultra-gaýtadan işlenen önümler hasaplanyp, olar hoşbaý ysly tagamlary we reňk beriji serişdeler, emulsifikatorlar, konserwantlar we başga-da birnäçe goşundylar bilen doýundyrylýarlar.

 

 

Toýly Muhammetdurdyýew

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby