Nebitgaz toplumynyň merkezi edarasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz meseleleri boýunça orunbasarynyň Halkara energetika agentliginiň Ýerine ýetiriji direktory Fatih Birol bilen onlaýn görnüşde duşuşygy geçirildi.

Taraplar ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň gaz, nebit we energetika pudaklarynyň geljekki ugurlary barada bilelikdäki syny taýýarlamagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda halkara energetika bazarlaryndaky özgerişlikleri orta möhletleýin we uzak möhletleýin çaklamak, energiýa taýdan netijeli tehnologiýalary we «ýaşyl» energetikany ornaşdyrmak, alternatiw hem-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri babatynda hyzmatdaşlyk boýunça okuwlary gurnamak arkaly işgärleri taýýarlamak boýunça tekliplere seredildi.