Londanyň “Arsenal” klubynyň öňki baş tälimçisi Arsen Wenger Angliýa Premýer –ligasy duşuşyklaryny tomaşaçylarsyz geçirmeklige garşy çykdy. Bu hakynda “The Athletic” neşiri habar berýär.

Wenger bu barada şeýle diýýär: “Futbolda iki zat möhüm: tomaşaçylar we futbolçylar. Janköýerleriň goldamagy futbolda aýratyn lezzet berýär. Angliýa – janköýerleriň öz klublaryny goldamak boýunça dünýädäki iň gowy ýurt. Pikirime görä, eger duşuşyklar ýapyk eşikler astynda geçirilse, Angliýa Premýer-ligasy özüne meňzemedik çempionat bolar”.

Koronawirus pandemiýasy sebäpli futbol boýunça Angliýa çempionaty – premýer-liga ýaryşlary 17-nji iýundan ýene dowam etdiriler. Duşuşyklar ähli howpsuzlyk talaplaryny berjaý edilip janköýerlersiz stadionlarda geçiriler. Häzirki wagtda ýaryşlaryň jedwelinde “Liwerpul” kluby 82 utuk bilen öňdeligi eýeläp gelýär.