8-nji iýunda türkmen-eýran serhedindiň çägindäki «Sarahs-Sarahs» gözegçilik-geçiriş nokadynda Tejen derýasynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň açylyş dabarasy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy we dabaraly ýagdaýda geçirildi.

Bu ajaýyp çäre mynasybetli günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary wezipeli wekilleriniň wideokonferensiýa görnüşindäki duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri, şeýle-de Ahal welaýatynyň häkimi ýolbaşçylyk etdiler. Eýranyň wekiliýetine Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şähergurluşyk ministri, Horasan-e Razawi welaýatynyň häkimi ýolbaşçylyk etdiler.

Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagy nukdaýnazaryndan täze awtomobil köprüsiniň açylmagynyň aýratyn ähmiýetini nygtamak bilen, taraplar söwda-ykdysady, ulag we beýleki möhüm ugurlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurlygyny nygtadylar. Duşuşyga gatnaşyjylar ulag ýollarynyň açylmagynyň häzirki döwürde aýratyn ähmiýete eýedigini, şunuň ýaly hereketleriň iki ýurduň degişli pudak edaralarynyň sazlaşykly işleriniň netijesi bolup durýandygyny belläp geçdiler.