Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlament Assambleýasynyň (ÝHHG PA) Merkezi Aziýa döwletleriniň parlamentleriniň wekilleri bilen geçiren wideo duşuşygyna gatnaşdylar.

Assambleýanyň başlygy Georgiý Sereteli we ÝHHG-niň bu wekilçilikli düzüminiň baş sekretary Roberto Montella parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de ösdürmegiň wajypdygyny nygtap, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bolan öz kärdeşlerine ýakyn wagtlarda guraljak çäreler barada habar berdiler.

Şu duşuşykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, ÝHHG-niň ýokary derejeli forumlarynda eden resmi çykyşlarynda beýan edilen Türkmenistanyň halkara durmuşynyň giň meseleleri boýunça taglymatlaýyn çemeleşmeleri ýurdumyzyň durnukly ösüş maksatlary bilen ÝHHG-niň parlament Assambleýasy bilen ýola goýlan gatnaşyklary hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga açykdygyny görkezýär.

Parlamentariler COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek we ählumumy ykdysadyýeti dikeltmek boýunça çäreleri amala aşyrmagyň meselelerine garadylar. ÝHHG-niň Sekretariatynyň we institutlarynyň, bu düzümiň ýerlerdäki wekilleri öz teswirnamalaryny beýan etdiler.