Britaniýaly we şwesiýaly alymlar “COVID-19”-y aradan aýyrmak babatda möhüm açyşy oýlap tapmagyň soňky basgançaklarynda işleri alyp barýarlar. Bu täze bejergi usuly antibedenjik (gandaky kesele garşy göreşiji madda) adam bedenine iberilýär. Ol orgamizme wirusy howpsuzlandyrmaga ýardam edýär we “COVID-19” pandemiýasynyň deslapky tapgyrlarynda duran näsaglaryň ýagdaýyny bütinleý gowulandyrar.
Bu taslama üstünde Britaniýa we Şwesiýanyň farmasewtika ulgamyndaky goşma kärhanasy iş alyp barýar. Alymlaryň aýtmaklaryna görä, bu derman serişdesi iki görnüşdäki antibedenjikler garyşmasydyr. Antibedenjikler terapiýasy waksina işläp çykarmakdan birnäçe esse gymmata düşýär. Ýöne antibeden terapiýasy koronawirusa garşylyk görkezip bilmeýänler we garry ýaşdakylar üçin möhüm derman bolmagy ähtimal. Bu derman synagdan geçirilenden soň resmi wekiller ony indiki ýyldan doly derejede köpçülikleýin öndürmäge umyt edýärler. Häzirki wagtda dünýäde 200-den gowrak kärhanalar koronawirus waksinasyny birinji bolup döretmek üçin özara bäsleşýärler. Olaryň hatarynda Beýik Britaniýanyň Oksford uniwersitetiniň alymlary hem bar. Oksford uniwersitetiniň ýörite alymlar topary “AstraZenece” kärhanasy bilen bile iş alyp barýarlar. Olar häzir koronowirus ojagy hasaplanýan Braziliýada öz waksinalaryny zelel çeken adamlarda synagdan geçirýärler. Bu waksinanyň oňyn netije bermegi ýa-da bermezligi awgust aýyna çenli mälim bolmagyna garaşylýar.

Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby