Iki agram kategoriýasynda Absolýut göreş çempionatynyň (UFC) ozalky çempiony irlandiýaly Konor Makgregor karýerasyny tamamlaýandygy barada habar berdi. Bu barada kommersant.ru ýetirýär. Öň sport karýerasyny tamamlaýandygy barada ol iki gezek mälim edipdi.

“Hemmäňize salam, men başa-baş göreşden gitmek kararyna geldim. Täsin ýatlamalaryňyz üçin sagboluň, bu örän täsin syýahat bolupdy” – diýip, Konor Twitterde ýazýar. Ol ony sportdan gitmäge getiren sebäpleri hem atlandyrdy.

“Bu oýun meni gyzyklandyrmasyny bes etdi, sen hemişe garaşýaň, ýöne hiç zat bolup geçenok. Indi mende hiç zat emosiýa döredenok, tolgundyranok. Men garşydaşlar bilen ylgaşyp geçirdim, häzir bolsa hiç kimem ýok. UFC has işjeň hereket etmek gerek, olar bolsa hemişe wagty yza çekmek isleýärler. Olar nähilidir bir güýji görkezmek isleýärler. Näme üçin olar Nurmagomedow bilen Getjiniň göreşini sentýabra goýýarlar? Olar men bilen Getjiniň arasyndaky wagtlaýyn guşak boýunça göreşi gurnamalydylar we hereketi dowam etdirmelidiler” – diýip, Makgregor belleýär.

“Men oýundan azrak ýadadym. Men soňky Wudli – Berns şouna seretdim, soň UFC 250-ni gördüm. Mende oýun hiç hili täsir galdyrmady. Bilemok, bu näme, üstesine-de tomaşaçysyz. Men mundan lezzet alamok” – diýip, ol sözüniň üstüne goşýar.

UFC-niň prezidenti Deýna Uaýt Makgregoryň gelen netijesine geň galmaýandygyny aýtdy. “Beýle hadysa bizde öň hem bolupdy. Eger-de ol dynç almak we gitmek islese, oňa uruşmak hökman däl” – diýip, Uaýt UFC 250 turnirinden soň press-konferensiýada aýdýar.

31 ýaşly Konor Makgregor garyşyk başa-baş göreşde 26 göreşi geçirdi, onda 22 ýeňiş (19 sanysy wagtyndan öň) gazandy we dört gezek hem ýeňildi. Ol guramanyň bir wagtda dürli agram kategoriýasynda (ýarym ýeňil we ýeňil) iki tituly eýelän taryhda ilkinji göreşijisi boldy. Ol öň 2016-njy ýylyň aprelinde we 2019-njy ýylyň martynda hem karýerasyny tamamlaýandygy barada habar berdi.