Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko häzirki wagta çenli Döwlet harby-senagat Geňeşiniň başlygy wezipesinde işlän Roman Golowçenkony ýurduň Baş ministri edip wezipä belledi.

Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň sözlerine görä, Roman Golowçenko hökümetiň dürli wezipelerinde işläp gören bolup, ýokary derejedäki bilime eýe hünärmendir. Esasan hem, diplomatiýa ulgamynda tejribesi ýokary döwlet işgäridir. Onuň geleşikleri baglaşmak sungatyny ýokary derejede eýeländigi, şeýle-de harby-senagat ulgamyny dolandyrandygy onuň bu uly wezipäni hiç hili kemçiliksiz ýerine ýetirip biljekdigini tassyklaýar.

Täze Baş ministr 47 ýaşynda bolup, ol adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi derejesine eýedir. Ol iňlis, arab, nemes we polýak dillerini bilýär. Belarussiýanyň Hytaýdaky ilçisi wezipesinde işlän Nikolaý Snopkoý bolsa täze Baş ministriň birinji orunbasary wezipesini eýeledi. Şeýle-de, A. Lukaşenko tarapyndan respublikanyň ministrliklerine beýleki pudak edaralaryndaky köpsanly wezipelere ýolbaşçylar bellendi

Belarussiýanyň  Ministrler Kabinetini 2018-nji ýyldan bäri Sergeý Rumas dolandyryp gelýärdi. Aleksandr Lukaşenko telekeçilige ýol açmak üçin birnäçe kararlary kabul eden öňki Baş ministr babatda hiç hili närazylygynyň ýoklugyny, gaýtam onuň bu kararlaryny makullaýandygyny mälim etdi. Ýöne Golowçenkonyň bu wezipä has hem laýykdygyny nygtady.

 

Toýly Muhammetdurdyýew

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby