Daglaryň we kölleriň ýurdy hasaplanýan Wýetnam döwletiniň paýtagty Hanoý şäherinde dünýädäki daşky ýüzi we interýeri altyn bilen örtülen bäş ýyldyzly “Dolce Hanoi Golden Lake” myhmanhanasy açylyp ulanylmaga berildi.

25 gatdan ybarat bu myhmanhana şäheriň merkezinde ýerleşýär. Myhmanhananyň gapylary, diwarlary, tam ýüzi we beýleki interýer bezeg elementleri şeýle-de, bäş müň kwadrat metre ýakyn daşky ýüzi 24 karatly altyn bilen gaplanypdyr.

Myhmanhana 10 ýylyň dowamynda guruldy. Onda 342 sany otag bar bolup, olaryň köpüsiniň mebelleriniň, wanna, dynç alyş otaglarynyň enjamlarynyň ýüzüne altyn çaýylypdyr.

Ady agzalan altyn bilen örtülen Wýetnamy dünýä meşhur etjek bu myhmanhanada bir gije ýerleşmek nyrhy 250 dollar bahadan başlanýar.

 

Toýly Muhammetdurdyýew

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby