“Ýuwentus” futbol klubynyň we portugaliýanyň ýygyndy toparynyň hüjümçisi Kriştiano Ronaldonyň jemi girdejileri 1 milliard dollardan geçdi. Habarlarda aýdylmagyna görä, ol indi dünýädäki ilkinji milliader futbolçy bolmagy başardy. Bu barada Forbes habar berýär.

Şeýle-de, ol 1milliard dollardan artyk girdeji gazanmagy başaran taryhdaky 3-nji sportçydyr. Ronalda çenli dünýä belli golfçy Taýger Wuds we boksçy Floýd Meýwezer edil şonuň ýaly görkezijileri gazanmagyň hötdesinden gelipdi.

Ýatladyp geçsek, Forbes bu netijelere gelmezden ozal futbolçynyň ähli gazanan pullaryny, hemaýatkärlik we beýleki inwestitsiýalaryny hasaba alypdy.

 

Toýly Muhammetdurdyýew

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby