Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary boýunça dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly ykrar edilen we giňden bellenilip geçilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli 3-nji iýunda gözel paýtagtymyzyň owadan görküne täzeçe görk berýän täze bir binanyň açylyş dabarasy bolup geçdi. Bu bina “Welosiped” binasy bolup, onuň açylyş dabarasyna ir säher bilen Gahryman Arkadagymyzyň hut özi gatnaşdy we bütin halkymyzy bu baýramçylyk we ady agzalan binanyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. “Welosiped” binasy paýtagtymyzyň günortasynda ugrunda gurlup, onuň gurluşygynyň bezeglerinde döwletimiziň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatynyň bütin dünýäde dabaralanýandygy, gözel ülkämiziň asyrlaryň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hökmünde ykrar edilip, bu asylly ýörelgeleriň häzirki wagtda hem Milli Liderimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde ulag logistika we üstaşyr ýollar bilen täzeçe çemeleşmelere eýe bolýandygy, welosiped sportyny ýurdumyzda we dünýäde dabaralandyrmakda bimöçber işleriň amala aşyrylýandygy, ekologik taýdan arassa bu sport görnüşiniň adamyň saglygyna we daşky gurşawa peýdasynyň ulydygy şöhlelendirilipdir.

Binanyň açylyş dabarasyndan soň hormatly Prezidentimiz we açylyş dabarasyna gatnaşyjylar, welosportçylar 12 kilometrlik welosiped ýörişine gatnaşdylar. Gyzykly geçen welosiped ýörişi paýtagtymyzyň merkezi bolan döwlet münberinde tamalandy.

Ekologik taýdan arassa we adam saglygyna özüniň bimöçber peýdasy bolan welosiped sporty indi birnäçe ýyllardan bäri ýurdumyzda köpçülikligiň gyzyklanýan sport görnüşleriniň birine öwrülýär.

 

Toýly Muhammetdurdyýew

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby.