Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda 5-nji iýundan, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda bolsa, 12-nji iýundan galla oragyna başlamaga ak pata berdi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde bellenildi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, häzir gallaçylarymyzyň durmuşynda örän möhüm we jogapkärli döwür – orak möwsümi ýetip geldi. Gallaçylaryň öňünde duran indiki wezipe köp zähmet siňdirilip, yhlas bilen ýetişdirilen galla hasylyny çalt we zaýasyz ýygnap almakdan ybaratdyr.

Hormatly ýaşulularymyzdan bolsa, ýerlerde orak möwsümini «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz edermen gallaçylarymyza, ýurdumyzyň ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, saçaklaryň berekedi, ýaşaýşyň çeşmesi bolan guşgursak bugdaýyň mukdaryny yzygiderli artdyryp, täze zähmet üstünliklerini gazanmagy tüýs ýürekden arzuw etdi.