Haly tebigatyň gözel keşbidir. Haly nur çaýylan gözel keşdedir. Halyçylyk sungaty türkmen halkynyň göz guwanjy, el hünäri, başarnygy hökmünde irki döwürlerden gelýän halk döredijiliginiň iň gymmatly ýadygärligidir. Halyçylyk — türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň has gadymy görnüşleriniň biri. Ol öz gözbaşyny gadymy geçmişiň jümmüşinden alyp gaýdýar. Türkmen halysynyň gadymylygyny subut edýän iň uly delil 1949-njy ýylda rus arheology Rudenko tarapyndan Daglyk Altaýyň doňaklyklarynda çarwa taýpalarynyň (skifleriň-hunlaryň) guburyndan (Pazyryk kurgany)  tapylan Pazyryk halysydyr. Häzir bu ajaýyp eser Sankt-Peterburgyň Ermitaž muzeýinde saklanylýar. Alymlaryň çaklamalaryna görä, Pazyryk halysy b.e.öň V asyrda çarwa skifler-iskitler (ýa-da çarwa hun taýpalary) tarapyndan dokalypdyr. Bu halynyň häzirki güne çenli ýetip gelmeginiň sebäbi doňaklykda, buzlukda saklananlygydyr. Bu halynyň häzirki zaman türkmen halylarynyňky ýaly gyzyl ýerligi, reňk öwüşginleri we nagyşlarynyň takyk geometrik çyzgylary bar.

Türkmen halylary özüniň täsin şekillendirilişi, ajaýyp reňkleri, berkligi, owadanlygy bilen beýleki ýurtlaryň halylaryndan tapawutlanýar. Şeýle hem türkmen halylarynda birnäçe tapawutly aýratynlyklary görmek bolýar. Ýagny, halynyň nagyşlarynyň şekilleri gadymy türkmen halkynyň döreden ýazuw elipbiýidir. Türkmen halysynyň üsti bilen gadymy türkmen ýazuwynyň şekillerini okamak bolar.

Ene-mamalarymyz halyny senet derejesinden ösdürip, sungat derejesine ýetiripdirler. Milli halyçylyk sungatymyzyň häzirki günlerimize çenli gelip ýetmeginde türkmen gelin-gyzlarymyzyň yhlasly zähmeti, mähir-söýgüsi ýatandyr. Halydan dokalan duztorba, namazlyk, kejebelik, asmalyk, gap-gaçlar salynýan torbalar ýaly haly önümleri türkmeniň diňe bir mukaddes öý-ojagynyň däl, eýsem göwün dünýäsiniň hem bezegidir.

Asmaly – toý güni düýäni bezemek üçin ulanylýan haly. Bu haly bilen gelniň münýän düýesi bezelipdir. Bu bolsa türkmen halkynyň gadymy döwürlerde hem türkmen halysyna uly sarpa goýup, onuň owadanlygyna görk-görmegine guwanandygyny görkezýär. Türkmen halylary hat-da toýlaryň hem bezegi bolmak bilen, türkmeniň öý-ojagynyň törini hem bezäpdir. Bu halylary dokamak üçin biziň gelin-gyzlarymyz diýseň köp zähmet çekipdirler. Halylaryň diňe bir Asmaly görnüşi bolman eýsem onuň gadym döwürlerde hem dürli görnüşleri bolupdyr. Olar: at aly, germeç, gapylyk, düýe dyzlygy, içirgi, torba, ümür-duman, horjun, çuwal, eýerlik, eňsi we ş.m.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagy bilen dana pederlerimizden, ene-mamalarymyzdan miras galan, asyrlaryň jümmüşinde sünnälenip, çeperligi, nusgawylygy bilen biziň günlerimize ýetirilen milli gymmatlyklarymyzyň, medeni baýlyklarymyzyň, edebi eserlerimiziň gadyr-gymmatyny sarpalanylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda türkmen halysynyň baýramy giňden bellenilip geçilýär.

Şeýle-de Ginnesiň rekordlar Kitabyna “Altyn asyr” äpet halynyň girizilendigini bellemek zerurdyr. 2003-nji ýylda türkmen halyçylarynyň elinden çykan bu äpet haly dünýäde iň uly el işi hökmünde hasaba alyndy. Baharlynyň çeper haly önümler fabriginde dokalan bu halynyň umumy meýdany 301 inedördül metre barabar bolup, onuň 14×20 metrlik ölçegleri bardyr. Halynyň her bir inedördül metrinde 304 müňe çenli çitim ýerleşdirilipdir. Onuň agramy 1,5 tonna barabar. Haly Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygy mynasybetli 40 halyçynyň gatnaşmagynda sekiz aýyň dowamynda ýerine ýetirildi. Halyda umumy 120 million çitim bardyr.

Hormatly Prezidentimiz “Arşyň nepisligi” atly kitabynda:

“Halkymyzyň edep-terbiýesinde 3 sany aýratynlygy görýärin. Olar:

  1. Akyl terbiýesi
  2. Beden terbiýesi
  3. Ukyp başarnyk terbiýesi”

– diýip belleýär.

Dogrudan hem, haly – inçe sungat. Halynyň ajaýyp, nepis bolmagy üçin, hökman, oňa yhlas, zehin gerek. Çünki nagşyny saýlamak, olary öňkülerden tapawutlandyrmak, täze nagyşlary döretmek, dürli reňkleri bermek üçin boýaglary saýlap almak we taýýarlamak işleri akyl, beden we zehin zähmetiniň ählisini hem talap edýär.

Gözelligiň we kämilligiň baýdagy bolan milli türkmen halylarymyz gojaman taryhyň uzak dowamynda ene-mamalarymyz tarapyndan döredilip, nesilden-nesle geçirilip gelnen beýik sungatdyr. Milli gymmatlyklarymyzyň howandary eziz Arkadagymyzyň parasatly zehini bilen bu gün ajaýyp halylarymyz dünýä gymmatlyklarynyň üstüni ýetirýär.

Batyr Kuliýew,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby.