Dünýä belli “CBS” teleýaýlymynyň habar bermegine görä, MMA sport görnüşiniň iň güýçli wekilleriniň sanawy düzüldi. Oňa görä, Amerikaly Jon Jons iň gowy söweşiji diýlip yglan edildi. Ikinji orna braziliýaly Anderson Silwa mynasyp görüldi. Üçünji orny özüniňki etmek bolsa kanadaly Jorj Sen-Pýere nesip etdi.

Şonuň ýaly-da, sanawda iki sany russiýaly söweşijiler hem bar: 43 ýaşly Fýodor Ýemelýanenko 4-nji orny, 31 ýaşly Habib Nurmagomedow bolsa 6-njy orny eýeledi. CBS maglumatlaryny has-da anyklaşdyrsak, garyşyk söweş sungaty taryhynda iň güýçli söweşijileriň tertibi şulardan ybarat:

  1. Jon Jons
  2. Anderson Silwa
  3. Jorj Sen-Pyer
  4. Fýodor Ýemelýanenko
  5. Demetriý Jonson
  6. Habib Nurmugomedow
  7. Joze Aldo
  8. Daniýel Kormýe
  9. Konor MakGregor
  10. Met Hýuz.Toýly Muhammetdurdyýew,

    Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby.