Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

GDA gatnaşyjy ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu gezekki mejlisiniň barşynda Arkalaşygyň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyna degişli ykdysadyýet, ulag, energetika, ynsanperwer-medeni ulgam, ýaşlar syýasaty ýaly ugurlar we beýleki birnäçe ulgamlarda meseleleriň giň toplumyna garaldy.

Koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy.

Mejlisiň barşynda koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde tagallalary birleşdirmek meselesi boýunça ýurdumyzyň garaýşy hem beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, ýokanjyň ýaýramagynyň öz wagtynda we netijei öňüni almaga mümkinçilik berýän hyzmatdaşlygyň täsirli gurallaryny işläp taýýarlamagyň möhümdigi bellenildi. Hususan-da, gürrüň GDA döwletleriniň arasyndaky serhetlerde sanitar-karantin çärelerini üpjün etmek boýunça hereketleri utgaşdyrmak barada barýar.

Şunuň bilen baglylykda, ylmy diplomatiýa aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli başlangyjy täze görnüşli ýokanjyň gelip çykyşynyň tebigatyny, koronawirus zerarly keselleriň ýüze çykmagynyň görnüşlerini öwrenmegiň, häzirki zaman lukmançylyk tehnologiýalaryny we enjamlary peýdalanmak, waksinalary hem-de beýleki lukmançylyk serişdelerini işläp taýýarlamak bilen, ýokanç keselleriniň öňüni almak we olary bejermek meseleleri boýunça yzygiderli tejribe hem-de maglumatlary alyşmagy göz öňünde tutýar. Türkmenistanyň garaýşyna görä, şunuň ýaly bilelikdäki işler BSGG bilen ýakyn hyzmatdaşlykda alnyp barylmalydyr.