Ýewropa Bileleşiginiň Daşary syýasat edarasynyň Baş sekretary hanym Helga
Şmid bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň
onlaýn duşuşygy geçirildi.
Ýewropa ugry Türkmen döwletiniň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm
ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda
deňhukuklylyk, özara peýdaly, milli bähbitlere hem-de halkara kadalaryna
esaslanýan gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň netijeli
ösdürilmegine kömek edýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça täze Strategiýasynyň
çäklerinde, ozal gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylyşyny ara alyp
maslahatlaşyp, Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, däp bolan we
umumy bähbitlere laýyk gelýän syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-
ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge, şol sanda koronawirus ýokanjyna garşy
durmak boýunça bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagyna uly gyzyklanma
bildirýändiklerini bellediler.