Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň daşary işler ministrleri
wideomaslahat görnüşinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti
Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda düýn geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikden
gelip çykýan daşary syýasat edaralarynyň hyzmatdaşlarynyň dürli ugurlaryny ara
alyp maslahatlaşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, ulag-üstaşyr geçelgeleri we energetika ulgamlarynda
iki ýurduň halklarynyň, şeýle hem tutuş sebitiň bähbitlerine laýyk gelýän özara
bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň
möhümdigine aýratyn üns berildi.
Sebit hem-de halkara gün tertibi boýunça pikirleri alyşmak bilen, iki ýurduň
DIM-niň ýolbaşçylary häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň netijeli çözülmegi,
aýratyn hem koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasy babatynda utgaşdyrylan
çözgütleriň işlenilip düzülmeginiň zerurdygyny aýratyn bellediler.
Bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
koronawirusyň dünýä derejesinde ýaýramagy ýaly gaýragoýulmasyz wehimlere
garşy göreşde ylmy diplomatiýanyň gurallarynyň netijeli ulanylmagy baradaky
başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýetlidigi we öz wagtynda öňe sürlendigi bellenilip
geçildi.
Diplomatlar şeýle-de üznüksiz ýük gatnawlarynyň üpjün edilmegi üçin iki
döwletiň serhetlerinde utgaşdyrylan sanitar-karantin çäreleriniň zerurlygyny
aýratyn nygtadylar.
Türkmen tarapy telefon arkaly gepleşikleriň barşynda beýan edilen
Türkmenistanyň ynsanperwer kömegi hökmünde serhetýaka demir ýol
menzillerinde, gözegçilik-geçiriş nokatlarynda hem-de Owganystanyň çägindäki
käbir beýleki ýerlerde – demir ýol ulaglaryny we ýüklerini zyýansyzlandyrmak
üçin ýurdumyzda gurlan ýörite terminallar ýaly desgalary gurmaga, şeýle hem
olary zerur bolan enjamlar bilen üpjün etmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek
tassyklady.