Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy
merkezinde Ysraýyl Döwleti bilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynyň
hünärmenleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi.
Onlaýn tertibinde geçirilen duşuşygyň dowamynda saglygy goraýşyň möhüm
ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki ösüşleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki
ýurtda hem bu ugruň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Ysraýylyň saglyk ulgamynyň işgärleri Türkmenistanyň häzirki döwürde ýeten
derejesine, hususan-da, Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda
taýýarlanylan “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde keselleriň öňüni
almak boýunça durmuşa geçirilýän ulgamlaýyn işlere ýokary baha berdiler.
Bellenilişi ýaly, döwletimize dürli keselleriň aradan aýrylmagy hakyndaky
birnäçe halkara güwänamalarynyň gowşurylmagy hem-de “COVID-19” howply
ýokanjyň ýokdugy durmuşa geçirilýän netijeli çäreleriň üstünliklere
beslenýändigini alamatlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar toplanan
tejribäni we howply ýokanjyň öňüni almakda, bejermekde ulanylýan usullar
hakynda maglumat alyşmak maksady bilen, uzak aralykdan geçirilýän
duşuşyklaryň wajypdygyny nygtadylar.