Ýakynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň howandarlygynda
geçirilen ýokary derejeli maslahat aýratyn howply ýokanç keseliň pandemiýasy
bilen baglanyşykly ählumumy ösüşi üpjün etmegi maliýeleşdirmek meselelerine
bagyşlandy, oňa wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet
ministrliginiň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Duşuşykda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň ýurtlarynyň
parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň, häzirki ählumumy çökgünligi
ýeňip geçmegiň we ykdysady, ekologiýa, durmuş hem-de ynsanperwerlik ösüşi
üpjün etmegiň bähbidine has ýakyn köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň zerurdygy
barada aýdanlary ara alnyp maslahatlaşyldy.