BMG-niň Aşgabatdaky Wekilhanasynda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde Türkmenistanyň 2020-2025-nji ýyllar üçin çaganyň irki ösüşi boýunça milli strategiýasyny durmuşa geçirmegiň iş meýilnamasyny taýýarlamak boýunça geňeş maslahaty geçirildi.

BMG-niň Ösüş maksatnamasy we ÝUNISEF bilen ýygjam hyzmatdaşlykda taýýarlanan bu strategiýa Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçen ýylyň dekabrynda tassyklandy. Ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň üstüne ýüklenildi.

Maslahatyň dowamynda çaganyň irki ösüşi boýunça täze we Türkmenistanyň hökümeti bilen ÝUNISEF-iň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Ýurt maksatnamasynyň möhüm bölegine öwrülen Milli strategiýasyny durmuşa geçirmegiň netijelerine gözegçiligiň ulgamy ara alnyp maslahatlaşyldy.