“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginde wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatda ýiti ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşi utgaşdyrmakda we deňiz pudagynyň işgärleriniň saglygyny goramakda özara gatnaşyklary ösdürmegiň çärelerini durmuşa geçirmek meselelerine garaldy.

Oňa Halkara deňiz guramasynyň, Halkara zähmet guramasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň ýurduň çäginde Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça deňiz ulaglary arkaly gatnadylýan ýükleriň zyýansyzlandyrylmagyna gözegçiligi güýçlendirmek babatda beren tabşyryklaryna laýyklykda, durmuşa geçirilýän çäreleriň hasabyna COVID-19 ýokanjynyň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça toplan tejribesiniň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy.