Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň Aşgabadyň demirgazygynda ýerleşýän Gurtly kölüniň çäginde dynç alyş maksatly binalaryň gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, wise-premýer Ş.Durdylyýew milli Liderimiziň garamagyna kölüň kenarynda üç zolak boýunça gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalaryny, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny görkezdi we bu ýerde dynç alyş düzümlerini döretmek üçin bar bolan mümkinçilikler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenilýän taslamalaryň hatarynda tomusky çaýhanalar, azyk harytlary dükany, sport we oýun meýdançalary, ulular we çagalar üçin niýetlenilen dynç alyş bassyrmalary bar. Şeýle hem ol ýerde işgärler üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlary, saglyk nokady, «Tiz kömek» ulaglary üçin awtoduralga we gözegçilik diňleri bar.

Görkezilen taslamalar bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olara birnäçe bellikleri aýtdy we düzedişleri girizdi we bu ýerde paýtagtymyzyň ilaty hem-de onuň myhmanlary üçin häzirki zaman ähli amatlyklary bolan dynç alyş zolagynyň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, binalaryň gurluşygynda ýerli tebigy aýratynlyklaryň nazarda tutulmagy, ekologiýa derejesine ähmiýet berilmegi, işleriň ýokary hiliniň üpjün edilmegi möhüm talap bolup durýar.