27-nji maýda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýolbaşçysy bilen «Deutsche Bank AG» bankynyň Orta we Gündogar Ýewropa korporatiw we bank maýa goýum – bank täjirçilik hyzmatlary boýunça esasy ýerine ýetiriji direktory, sebitleýin direktorlarynyň dolandyryjysy Ýorg Bongartsyň duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň saýtynyň habar berşi ýaly, duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimine degişli meseleler ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Germaniýanyň iri kompaniýalary bilen ýola goýlan üstünlikli özara gatnaşyklarynyň öňjeýli häsiýetini nygtap geçip, bu günki däp bolan gatnaşyklaryň giň gerimli ugurlarda üstünlikli özgerip hil taýdan täze derejelere çykýandygyny bellediler. Bilelikdäki taslamalary geljekde amala aşyrmakda ykdysady meseleler boýunça Hökümetara türkmen-german iş toparynyň ähmiýetiniň üstünde durlup geçildi.

Şeýle hem taraplar dünýäde epidemiologik ýagdaýlara garamazdan, özara peýdaly gatnaşyklar esasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilmegine ynam bildirip, geljekde hem tagallalary birleşdirmeklige kanagatlanma bildirdiler.