27-nji maýda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda ýurdumyzyň we «Total» fransuz kompaniýasynyň wekilleriniň onlaýn görnüşindäki duşuşygy geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew,  «Тürkmengaz» we «Тürkmennebit» Döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki pudaklaryň wekilleri wekilçilik etdiler, fransuz tarapyndan gepleşiklere «Total» kompaniýasynyň gözleg we çykaryş boýunça wise-prezidenti S.Mişel gatnaşdy.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar netijeli we ygtybarly özarahereketleriň ösüşiniň oňyn depgine eýedigini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Şeýle-de energetika we uglewodorod çig mallary ulgamynda Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygy we bu ugurda daşary ýurtly maýadarlar üçin hem giň şertleri döredýän açyk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilýändigi hem aýratyn nygtalyp geçildi.

Gepleşikleriň çäklerinde taraplar şonuň ýaly-da Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz bloklarynyň özleşdirilmeginiň hem-de bu ugur boýunça geologiýa-geofiziki maglumatlaryň binýadynyň durmuşa geçirilmeginiň aýratynlyklaryna hem seredip geçdiler.