27-nji maýda Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, şäheriň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösüşine gönükdirilen taslamalaryň amala aşyrylyşy, şeýle hem Aşgabadyň günorta künjeginde ýaýbaňlandyrylan gurluşyklarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutany işewürlik merkeziniň kemala gelýän ýeri bolan paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurluşygy alnyp barylýan desgalarda ýerine ýetirilýän işler barada giňişleýin maglumat berýän taslamalar we binalaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Bu ýerde guralan tanyşdyryş çäresine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we Aşgabat şäheriniň häkimi hem-de Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan «Buig Batiman Internasional» fransuz kompaniýasynyň wekili gatnaşdylar.

Işewür milli Liderimize wekilçilik edýän kompaniýasyna ynanylan gurluşyk desgalary, şolarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, binalaryň içki we daşky bezeg işlerinde ulanylýan serişdeler hem-de otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berdi we degişli taslamalary görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz desgalaryň taslamalary bilen tanyşlygyň dowamynda gurluşyk işleriniň hiline hem-de ulanylýan serişdelere aýratyn üns berdi. Şol serişdeler uzak döwre niýetlenip, berk bolmalydyr. Mundan başga-da, binanyň daş ýüzüniň bezeg işlerinde milli öwüşginler beýanyny tapmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.